Onuň sözlerine görä, soňky bäş ýylda daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, ýurda dolanan ýüzlerçe darganataly we faraply ýaşlar häzirki wagtda ýa işsizlikden kösenýär, ýa-da agyr işlerde zähmet çekip, gün-güzeran aýlaýar. “Ýa-da ‘taksiçilik’ edýärler” diýip, bir ýaşaýjy habarçynyň sözlerini tassyklady.
Lebap welaýatynda döwlete degişli ençeme kärhananyň işgärlerine "ykdysady krizis, maliýe ýetmezçiligi sebäpli" indi üç aý bäri zähmet haklary berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda Lebapdan habar berdi. Işgärleriň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Lebabyň zawod-fabrikleriniň ençemesinde işleýän 1500-e golaý işgär zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenmegi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýär.
Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” 20 manatdan pul ýygnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda habar berdi.
Türkmenistandaky çaga zähmeti barada.
Gadyrly tomaşaçylar! Bize habar ugratjak isleseňiz, Telegram iň amatly we howpsyz usuludyr. Bizi gözleg meýdançasynda @citizen322 arkaly tapyp bilersiňiz!
Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda ykdysady krizisiň we maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, adamlaryň köçäniň gyrasyna öz öý goşlaryny we şahsy emläklerini satuwa çykarmagynyň yzy bilen, ýerli polisiýa işgärleri bu emeli söwda nokadyny dargatmaga synanyşdy, emma ýaşaýjylaryň garşylyk görkezmeginden soň, howpsuzlyk güýçleri yza çekilmäge mejbur boldy.
Mary welaýatynda iri şahly hojalyk mallary köpçülikleýin keselleýär we gyrylýar. Bu barada ýerli häkimiýetler dymýan mahaly, weterinariýa gullugynyň käbir işgärleri muňa türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa aladalarynyň fonunda, uçardan derman sepmek çäresiniň sebäp bolan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.
Mary welaýatynda karantin çäklendirmeleri bilen bagly bazarlaryň ençemesi ýapyklygyna galýan mahaly, maryly söwdagärleriň onlarçasy eklenç gözleginde, mundan 10 gün çemesi öň gaýtadan açylan Baýramaly şäheriniň uly bazarynda we onuň töwereginde rugsatsyz söwda edip başlady.
"Госмагазин совершенно пустой, к сахару кофе в нагрузку, местного масла нет", - так описывает увиденное 22 сентября в ашхабадском магазине один из корреспондентов Азатлыка. В это время правозащитные организации указывают на невыполнение правительством Туркменистана международных обязательств по обеспечению собственного населения адекватным уровнем жизни и правом на питание.
Häkimlige arz-şikaýata barýan adamlaryň meseleleri dürli-dürli, ýöne köp adam “bankomatlardan pul çekip bilemizok, daşary ýurtlarda okaýan çagalarymyza pul iberip bilemizok” diýip, häkimiň bu problemalary basymrak çözmegini isleýär. Arza gelýän adamlaryň ikinji esasy meselesi işsizlik bilen bagly. Türkmenistanyň sebitlerindäki durmuş-ýaşaýyş problemalarynyň çözülmeginiň süýrenjeňlige çalynmagy, işsizlik, işleýän adamlaryň pullaryny nagtlaşdyryp bilmezligi adamlary barha kän lapykeç edýäne meňzeýär, olar üýşüp, öňkülerine garanda has guramaçylykly arz-şikaýat etmäge synanyşýarlar diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berýär.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady, azyk we maliýe kynçylyklarynyň, şeýle-de pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda, ýene bir döwlet edarasynda iş orunlary azaldylyp, 100-den gowrak işgär işden çykaryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.