24 Aprel, 2025
Elektron wiza (e-Visa) — daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýän, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirilýän resminama. Elektron wizalaryň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda amala aşyrylýar
16 Dekabr, 2024
«Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler. Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde hereket edýän kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň çäk birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler.».
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
20 Iýul, 2024
Pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankda açylýan hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyrlar. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmek sanly ulgam arkaly hem amala aşyrylyp bilner.
Pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlaryň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda sanly ulgam arkaly bellenilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar