Türkmenistanda ýene bir pagta ýygym möwsümi başlandy we bu gezegem ol mejbury zähmeti ulanmazdan geçirilmez. Turkmen.news neşiriniň Lebap we Mary welaýatlarynda ýerleşýän çeşmelerine görä, , awgust aýynyň ilkinji günlerinden başlap,, mejbury zähmetiň bir iş tejribesi diýip hasaplanýan, hakyna tutulan ýygymçylara hak tölemek üçin býujet işgärlerinden pul talap edilip başlandy.
Lukmanlar, mugallymlar, Türkmenabatdaky ýüpek önümçilik birleşiginiň we trikotaž fabriginiň işgärleri hakyna tutulan pagta ýygýanlara töleg üçin pul bermäge mejbur edildi. Döwlet edaralarynyň işgärleri hakyna tutulan ýygymçylaryň her bir iş gününe öz jübüsinden 30 manat (1.5 dollar) möçberde pul üpjün etmäge mejbur bolýarlar.
Şuňa meňzeş çäreler 3-nji awgustdan Mary welaýatynyň mugallymlary we lukman işgärleri üçin hem yglan edildi.
Pul ýygnamaklygyň şeýle usulyny resmiler öz iş tejribesinde her ýyl giňden ulanýarlar. Bulardan başga-da, döwletiň býujet edaralarynda işleýan işgärleri hasyly ýygmak üçin pagta meýdanlaryna yzygiderli çykarylýar. Käte olara ”özüň gidip pagta ýyg ýa-da hakyna tutulan adam üçin pul töle” diýilen iki şertiň birini "saýlamak" mümkinçiligi hem berilýär. Käbir işgärler öz ornuna çagalaryny pagta iberýärler. Nähili bolanda-da, bularyň hemmesi döwletiň özünden gelip çykýan mejbury zähmetiň bir görnüşidir.
2024-nji ýylda Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy ýurtda pagta ýygym döwründe mejbury zähmeti köki-damary bilen ýok edilmegine gönükdirilen ýol kartasyny düzdüler.
Şol bir wagtyň özünde, türkmen.news, Ynsan Hukuklary boýunça Türkmen Başlangyjy, “Progress” Gaznasy we Cotton Campaign ýaly guramadyr toparlardan bolan hukuk goraýjylaryň bellemeklerine görä, döwletiň özüniň ýeke-täk tohum, enjam we dökün bilen üpjün ediji, şeýle hem çig pagtany ýeke-täk alyjy bolan şertlerde göz öňünde tutulýan köp çäreleriň netijeligi gaty pes derejede bolar.
Netijeli we üstünlikli üýtgeşmeler üçin býujet işgärlere, daýhanlara we beýleki gatnaşyjylara öz hukuklarynyň bozulmalary barada aç-açan aýtmaga, öz zähmet hukuklaryny ygtybarly gorap biljek garaşsyz guramalary döretmäge mümkinçilik berýän söz azatlygyna, birleşmek we ýygnaklary geçirmek azatlygyna bolan hukuklaryň goralmagyny talap edýär. Emma häzirki wagtda bolsa kärhanalardaky kärdeşler arkalaşygy guramalaryň başlyklary işçilerden pagta üçin pul ýygnaýarlar we adamlaryň pagta meýdanlaryna gitmegiň tertibini hut özleri düzýärler.