ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
31.07.2025 / Türkmenistan

Türkiýede migrantlaryň iş rugsady bolmazdan işe alynmagyna garşy täze çäreler girizildi.

Türkiýede migrantlaryň iş rugsady bolmazdan işe alynmagyna garşy täze çäreler girizildi.

23-nji iýuldan türk iş berijiler öz tabynlygyndaky iş rugsady bolmazdan işlän işçileri we olaryň köp çagaly maşgalalaryny hem deportasiýa etmek üçin kesgitlenen çykdajylary tölemeli edildi. “Fergana” habar gullugynyň ünsi çekmegine görä, degişli karar Türkiýänyň Zähmet we Durmuş üpjünçilik ministrliginiň “Resmi habarlarynda” çap edildi weýerli “Yeni Safak” gazeti tarapyndan sitirlenip getirildi.

Indiden beýläk türk Iş berijiler migratlaryň deportasiýasy bilen bagly, şol sanda edilen tehniki hyzmaty, ýaşaýyş jaý tölegi, iýmit, berilen lukmançylyk kömegi we watanyna yzyna ugratmak üçinuçar petekleri ýaly ähli çykdajylary öz üstüne almaly edildi. Mundan başga-da, “Yeni Safak”neşiriniň belleýşi ýaly, bir daşary ýurtly özüniň maşgala agzalary bilen bilelikde tussag edilen halatynda, iş beriji olaryň hersi üçin hem pul töleýär.

Deportasiýa çalt usulda amala aşyrylar. Şol bir wagtyň özünde, “Fergananyň” maglumatlaryna görä, iş berijiler öz işçilerini we olaryň maşgala agzalaryny deportasiýa merkezlerinde üç aýa çenli saklanan möhleti üçin kompensasiýa tölemeli bolarlar. Olara edilen gündelik umumy çykdajylaryň mukdary Migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenýär.

Bu çäre kanuna laýyk resmileşdirilmedik “kölegeli”  işe we hasaba alynmadyk migrasiýa garşy gönükdirilendir. Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan daşary ýurtlularyň arasynda birinji orunda durýandygyny ýatladyp geçesimiz gelýär. 24-nji iýula çenli ýagdaýa görä, olaryň sany 134 müňe golaýlap bardy. Şol bir wagtyň özünde, hatda olaryň arasynda hem degişli resminamalar bolmazdan işleýänler hem bolup biler, mysal üçin, talyplar üçin berilen ýaşamak rugsatnamalaryň eýeleri.

Türkiýede asla hasaba alynmadyk ýa-da möhleti geçen resminamalar bilen ýaşaýan türkmen raýatlarynyň sany hasam köp bolup biler. Olar täze şertlerde “kölegelere” has çuňňur girip, iň howply we käwagt bikanun işlerde işlemeli ýa-da watanyna dolanmaly bolarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň düşündirişine görä, türkmenistanlylaryň köpüsi ýurduň Türkiýedäki konsullyklaryň öz raýatlarynyň pasportlaryny ýa-da beýleki resminamalaryny täzelemekden ýa-da olary alyş-çalyş etmekden ýüz öwürýändigi sebäpli şeýle çykgynsyz  ýagdaýa düşdi. Şol bir wagtyň özünde, täze şahsyýetnama almak üçin watanyna dolanyp gelen  Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlarda maşgalasy bolsa-da, köplenç şondan soň ýurtdan çykyp bilmeýärler.

Çeşme: Turkmen.news