ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
25.07.2025 / Türkmenistan

Türkmenistan Puma we Walmart üçin dokma önümlerini iberýändigini aýdýar. Ol önümler üçin çig mal bolan pagta mejbury zähmeti ulanmak bilen ýygnalýar.

Türkmenistan Puma we Walmart üçin dokma önümlerini iberýändigini aýdýar. Ol önümler üçin çig mal bolan pagta mejbury zähmeti ulanmak bilen ýygnalýar.

Ýkyn günlerde Awazada geçiriljek BMG-niň halkara forumynyň öňüsyrasynda TDH döwlet habar gullugy iki esse energiýa bilen Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada habar berýär. TDH-nyň Iň soňky makalasynyň biri dokma pudagynyň gazanan netijelerine we meýilnamalaryna bagyşlanýar. Agentligiň habaryna görä, Puma, Walmart, Lidl we beýleki iri dünýä belli söwda markalaryň Türkmenistanyň çig malyny we taýýar önümi, şol sanda pagtadan ýasalan dokma önümlerini, hamala, satyn alýandyklary barada aýdylýar. Pagta önumçiliginde bolsa mejbury zähmet ulanylýar we şol bir wagtyň özünde, Lidl eýýäm 2019-njy ýyldan soň Türkmenistandan önüm satyn almakdan ýüz öwürendigini aýtdy.

"Tabşyrdyňyzmy" ýa-da alyjylary oýlap tapdyňyzmy?

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri “Avaza” forumynyň öňüsyrasynda ýurduň abraýyny ýokarlandyrmaga çalyşýana meňzeýar. Ýatladyp geçsek, Awgust aýynyň 5-8 aralygynda ol ýerde BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji konferensiýasy geçiriljekdigi göz öňünde tutuldy. Oňa gatnaşanlar, beýleki zatlar bilen bir hatarda, hususy sektor, ulag, aýallaryň ýolbaşçylygy ýaly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşarlar we bu mowzuklar boýunça TDH yzly-yzyna makalalary çap edýär. Hakykat ýüzünde bolsa ol makalalaryň içindäki käbir faktlar we sözlemler anti-PR hökmünde işleýär.

24-nji iýulda TDH Türkmenistanyň dokma senagaty pudagy barada makala çap etdi. Onda okyjylara, mysal üçin, türkmen matalarynyň tehnologiki aýratynlyklary barada gürrüň berildi. Ýürt içindäki Iň üstünlikli Gala, Ýeňiş, Goza, Wada, Nusaý, Bedew, Bürgüt, Akpamyk, Merw, Jeýtun, Mäne ýaly söwda markalar sanalyp görkezildi.  We ... Türkmenistandan, hamala, “taýar dokma önümleri, şol sanda öýde dokalan önümleri, sport we jins egin-eşikleri satyn alyp, soňra bolsa oz söwda bellikleri bilen satuwa çykarýan" iri global kompaniýalary paş etdiler. Makalada bu kompaniýalaryň atlary şeýle ýazylýar: «Puma», «Wal-Mart», «Lidl», «Bershka», «Pool&Bear», «Cosco». 

Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmet giňden ulanylýar. Şonuň üçin dünýäniň käbir meşhur söwda markalar ony satyn alan halatlaryny gizlemäge synanyşýarlar, ýa-da üpjünçilik zynjyrynyň köp derejeli bolmagy sebäpli mejbury zähmet barada özleri hem anyk zat bilenoklar. Şeýle hadysalar diňe žurnalistler tarapyndan geçirilen derňewleriň dowamynda ýüze çykýar. Ol derňew makalalar çap bolandan soň söwda markalar howlukmaç ýagdaýda ýüze çykarylan faktlary inkär edip, özlerini önüm bilen üpjün edijilere täzeden garap başlaýarlar.

Geliň, Puma, Walmart, Lidl, Bershka, Pull&Bear we Costco ýaly söwda bellikler hakykatdanam Türkmenistandan käbir jins we pagtadan ýasalan beýleki önümlerini satyn alýar diýeliň. Şeýlelikde, TDH-nyň özi bu söwda markalary California Transparency Act ýa-da German Supply Chain Due Diligence Act ýaly,  

dolulygyna ýa-da bölekleýin mejbury zähmetiň kömegi bilen öndürilen önümleri ulanylmagyny gadagan edýän kadalaşdyryjy namalary bozýanlar hökmünde "tabşyrýar". Şeýle edilen “aýy hyzmatyndan” soň, pagtanyň hiline we etika derejesine garamazdan, hyzmatdaşlygy dowam etdirmek islegi özünden-özi ýitmeli.

By sanawyň gaty könelşen bolmagam ähtimal, çünki döwletiň tabylygyndaky žurnalistler hatda ondaky sanalan brendleriň ýarysynyň atlaryny hem ýalňyş ýazyp görkezipdirler. Elbet-de bu ýagdaýda makala PR däl-de, Türkmenistan üçin anti-PR boldy. Eger ýurduň esasy habar gullugy şeýle göze dürtülip duran ýalanlyga we şeýle gödek ýalňyşlyklara ýol berse, onda potensial hyzmatdaşlardan nämelere garaşyp bolar? Häzirki wagtda dünýäniň 141 sany global söwda brendi   öz önümlerinde türkmen pagtasyny ulanmazlyk baradaky wadasyna gol çekdi.

Türkmen pagtasy: mejbury zähmet.

TDH-nyň makalasynda türkmen dokma önümleri, esasanam türlmen pagtasy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we şol bir wagtyň özünde-de adaty däp-dessurlylygy ösen tehnologiýalar bilen utgaşdyrýan görnüşde görkezilýär. Eger hakykatda hem şeyle bolaýanda hyzmatdaşlyk bilen guwanyp we buýsanyp bolardy.

Aslynda, türkmen pagtasynyň esasy aýratynlygy onyň öndürilişinde mejbury zähmeti giňden  ulanmakdadyr. Ýurduň häkimiýetleriniň hut özi býujet sektoryndaky işgärleri pagta ýygmaga mejbur edýär.

Her ýylyň güýzünde bilim, medeniýet, saglyk ulgamlaryň, jemagat hyzmatlary we şuňa meňzeş edaralaryň işgärleri özleriniň esasy işiniň deregine pagta meýdanlara sürülýär. Uly şäherleriň ýaşaýjylary, käte ýatak jaý, iýmit,içimlik suw ýaly zerur zatlar bilen üpjün edilmezden, 10-20 güne ýatyrymlaýyn oba etraplaryna äkidilýär.

Hakyna tutulyp işleýan adamlara pul töläp, pagta ýygmak işinden özüňi boşadyp hem bolýar. Hakyna tutulýanlaryň aglabasy köplenç iň garyp oba ýaşaýjylary, ýetginjek çagalar we etniki azlyklaryň wekilleri.

Mejbury zähmet, şol sanda Türkmenistanda-da, kanun esasynda gadagan edilen. Üstesine-de global söwda markalar gulçulykda öndürilen çig maly ýa-da taýýar önümleri ulanmak islemeýän alyjylaryň basyşyna sezewar bolýarlar. Şonuň üçin Puma, Walmart, Lidl we beýlekiler özleriniň üpjünçilik zynjyrlaryna gözegçilik edýärler we şeýle ýaramaz tejribelerde gatnaşýanlar ýüze çykarylanda, olar ýalylar bilen iş salyşmajak bolýarlar.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Cotton

Campaign koalisiýasyna gatnaşygy bolan turkmen.news-iň Türkmenistandaky üpjün edijileri bilen hyzmatdaşlyk meselesi baradaky gönümel soragyna Lidl jogap hem berdi. Öz jogabynda kompaniýa ozalky döwürlerde Türkmenbaşyň dokma toplumyndan pagta satyn alandygyny, ýöne 2019-njy ýylda ähli satyn almalary bes edendigini aýtdy.

Öz abraýyňa palta urmak

Türkmen dokma önümleriniň hakykatdan hem şeýle garaňky gelejegi elbet-de gaty utandyryjy. Megerem, şol sebäpli häkimiýetler bu ugurda käbir oňyn ädimleri ädýärler. Mysal üçin, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti pagtanyň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrdy we mejbury zähmeti ýok etmek üçin Halkara Zähmet Gaznasy bilen bilelikde ýol kartasyny kabul etdi.

TDH-nyň täze makalasynda maýa goýum meýilnamalary barada-da hasabat berildi, has takygy dokma senagaty ministrligi önümçilik gurluşygy üçin hökümetden 200 million manat (hakyky walýuta hümmeti boýunça 10 million dollar) alar.  Ilki bilen, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze dokma toplumyny gurmagy meýilleşdirýärler. Beýleki zatlar bilen bir hatarda bu gaty möhümdir, sebäbi bu täze toplum işsizleriň we özbaşdak işleýänleriň, ýagny iş tapyp bilmeýänleriň göteriminiň iň ýokary bolan ýerinde täze iş orunlaryny döreder.

Emma şeýle bolsa-da, türkmen resmilerniň we hökümete garaşly bolan žurnalistlerniň ygtybarly maglumatlary gizlemek we göze tozan sepmek ýaly öňden gelýän endigi açýan maglumatlarynyň manysyna hat-da olaryň özleriniň hem düşünip bilmezligine çenli eltýär. Netijede, problemalary dogruçyl boýun almagyň ýerine, olary özleri tötänleýin ýüze çykarýarlar we şeýlelik bilen hiç zat ýok ýerden ýurduň abraýyna zeper ýetirip biljek utançly ýagdaýy döredýärler.

Turkmen.news