Türkmenistanda ýene bir pagta ýygym möwsümi başlandy we bu gezegem ol mejbury zähmeti ulanmazdan geçirilmez. Turkmen.news neşiriniň Lebap we Mary welaýatlarynda ýerleşýän çeşmelerine görä, , awgust aýynyň ilkinji günlerinden başlap,, mejbury zähmetiň bir iş tejribesi diýip hasaplanýan, hakyna tutulan ýygymçylara hak tölemek üçin býujet işgärlerinden pul talap edilip başlandy.
Jikme-JigräkTürkiýede migrantlaryň iş rugsady bolmazdan işe alynmagyna garşy täze çäreler girizildi.
23-nji iýuldan türk iş berijiler öz tabynlygyndaky iş rugsady bolmazdan işlän işçileri we olaryň köp çagaly maşgalalaryny hem deportasiýa etmek üçin kesgitlenen çykdajylary tölemeli edildi. “Fergana” habar gullugynyň ünsi çekmegine görä, degişli karar Türkiýänyň Zähmet we Durmuş üpjünçilik ministrliginiň “Resmi habarlarynda” çap edildi weýerli “Yeni Safak” gazeti tarapyndan sitirlenip getirildi.
Ýkyn günlerde Awazada geçiriljek BMG-niň halkara forumynyň öňüsyrasynda TDH döwlet habar gullugy iki esse energiýa bilen Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada habar berýär. TDH-nyň Iň soňky makalasynyň biri dokma pudagynyň gazanan netijelerine we meýilnamalaryna bagyşlanýar. Agentligiň habaryna görä, Puma, Walmart, Lidl we beýleki iri dünýä belli söwda markalaryň Türkmenistanyň çig malyny we taýýar önümi, şol sanda pagtadan ýasalan dokma önümlerini, hamala, satyn alýandyklary barada aýdylýar. Pagta önumçiliginde bolsa mejbury zähmet ulanylýar we şol bir wagtyň özünde, Lidl eýýäm 2019-njy ýyldan soň Türkmenistandan önüm satyn almakdan ýüz öwürendigini aýtdy.
Baýramalynyň polisiýasy merkezi bazara ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime ýazdy
15-nji dekabrda 100-den gowrak telekeçi we alyjy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň merkezi bazarynyň öňüne ýygnandy. Polisiýa bazaryň açylmagyny umyt edip, bu ýere üýşen adamlaryň tas ählisine pul jerimesini ýazdy. Jerimäni töläp gaýtadan bazara üýşen telekeçileri resmi edaralaryň wekilleri köşeşdirmäge çalyşdy. Ýöne bazar gaýtadan açylmady.
Daşary ýurtda okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur galýan talyplar 'kemsitmelere sezewar bolýar'
Azatlyk Radiosynyň mundan öň beren maglumatlaryna görä, onlarça müň türkmenistanly student daşary ýurtda bilim alýar. Olaryň aglabasy öz hasabyna okaýar we stipendiýa almaýar. Şol bir wagtyň özünde, olar soňky ýyllarda maddy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, ene-atalarynyň bank kartlaryna geçirýän pullaryny çekmegiň ýa-da “Western Union” arkaly Türkmenistandan pul almagyň örän kyndygyny Azatlyk Radiosyna habar berýärler. Hut şol sebäpli, studentler okuwynyň daşyndan ýa-da okuwyna wagtlaýynça arakesme berip, ujypsyz haka işlemäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
8-nji iýunda Ženewada bolup geçen Zähmetiň Halkara Konfederasiýasynyň 109-njy sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmeti ulanmak problemasy ara alynyp maslahatlaşyldy. Iş ýüzünde mejlisde çykyş edenleriň ýekeje-de biri hem türkmen býujetçileriň Işden kowulmak gorkusy astynda öz wezipe borçlaryna girmedik işleri ýerine ýetirmäge mejbur edilýändiklerine şübhe bildirmedi. Diňe hemişekisi ýaly ýurtda mejbury zähmetiň düýbünden ýoklygy barada şu çaka çenli hemmäni ynandyryp gelen Türkmenistanyň resmi wekilleriniň çykyşlary kadadan çykma ýaly boldy.
Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi
Iýun aýynda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) mejbury zähmetiň ýatyrylmasyny göz öňünde tutýan 105-nji Konwensiýanyň Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilişine sereder. Bu diňlenşigiň öň ýany Kärdeşler Arkalaşyklaryň Halkara Konfederasiýasy (KAHK) özünüň dokladyny taýarlady. Dokladda pagta ýygym döwründe mejbury zähmeti ulanmaklygyň ýurtdaky dowam edýän giň iş tejribesi barada aýdylýar. Býujet ulgamyndaky işgärleri mejbur etmek sistemasy hut ýurduň häkimiýetleri tarapyndan guraldy diýip, bu dokladyň awtorlary belleýärler.